Belarusda ýokary bilim almak
boýunça Siziň araçyňyz

Daşary ýurtly dalaşgärler üçin Belarus Respublikasynyň
ÝOM-ne okuwa girmek we olarda okamak boýunça giňişleýin gözükdiriji
MyUniver – bu günüň 24 sagadynyň dowamynda daşary ýurtly dalaşgärleriň howpsuzlygynyň we toplumlaýyn goldawynyň girewidir
Uniwersiteti saýlamaklykdan tä diplom alýançaňyz biz Siziň ýanyňyzda bolarys
Belarus Respublikasynyň uniwersitetleriniň haýsy-da bolsa birini saýlap almak, oňa okuwa girmek we okamak bilen bagly çäreler, aýratyn hem, nätanyş döwlete gelýän daşary ýurtlylar üçin örän çylşyrymlydyr. ÝOM-ne okuwa girmek üçin resminamalar nähili tabşyrylmaly, hasaba durmaklygy nähili resmileşdirmeli, lukmançylyk toparynyň barlagyndan nähili geçmeli, umumy ýaşaýyş jaýyna nähili ýerleşmeli ýaly we başga-da birnäçe meseleler daşary ýurtly dalaşgärleri aladalandyrýar.
Şonuň üçin hem biziň toparymyz daşary ýurtlardan gelen dalaşgärlere Belarus Respublikasynda bilim aljak tutuş tapgyrynyň dowamynda olara ýokary derejede goldaw berip, Siz we Siziň maşgalaňyzyň agzalarynyň ertirki güne ynamly garamaklygyňyza we ýokary bilim hakyndaky şahadatnama uly üstünlikler bilen eýe bolmagyňyza şert döredýär.
Biziň hyzmatlarymyz
Biz özümiziň hödürleýän hyzmatlarymyzy olaryň ýerine ýetiriliş tapgyry boýunça häsiýetlendirmekligi makul bildik
1.Uniwersiteti saýlap almak
Biz Siziň gyzyklanmalaryňyzy we häzirki wagtda has köp talap edilýän hünärleri hasaba almak bilen, Size uniwersiteti, fakulteti we Siziň gelejekki hünäriňizi saýlamak meselesinde ýokary hünär derejesindäki maslahatlary berýäris.
2. Çakylyk resmileşdirmek
Resminamalary resmileşdirýäris we olary dalaşgäriň adyndan uniwersitete hödürleýäris. Soňra biz Belarus Respublikasyna gelmek we wiza almak üçin ÝOM-den çakylyk resmileşdirýäris.
3. Howa menzilinde garşy almak
Dalaşgäri howa menzilinde mähirli garşy alýarys. Oňa öz ene-atasy bilen tiz wagtyň içinde habarlaşmaga mümkinçilik berýän hasabynda gerekli mukdarda pul serişdesi bolan we internet hyzmatlary birikdirilen Sim-kartasyny berýäris. Ýokary amatlykly mikroawtobusda howa menzilinden alyp gaýdyp, ýoldan ýadaw gelen dalaşgärleri kafede naharlaýarys.
4. Şäher bilen tanyşlyk
Gyzykly gezelenji gurnap, şäher we onuň infrastrukturasy bilen tanyşdyrýarys: ÝOM-niň okuw binalaryny, banklary, dükanlary, dermanhanalary görkezýäris. Siz umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdiriljek seneden öň gelen ýagdaýyňyzda bolsa, biz Sizi ýokary amatlyklary bolan öýlerde ýerleşdireris.
5. ÝOM-ne resminamalary tabşyrmaklyk
Dalaşgäriň adyndan kabul ediş toparyna resminamalary tabşyrýarys we arza, anketa, şertnama we uniwersitete okuwa girmek üçin zerur bolan gaýry resminamalary doldurýarys.
6. Saglyk hakyndaky güwähatyny resmileşdirmek
Giriş we wagtlaýyn hasaba alyş resminamalaryndan başga-da okuwa girmek üçin Belarus Saglyk öýlerinde lukmanlar toparynyň barlaglaryndan geçmelidir. Biz Saglyk hakyndaky güwähatyny guramaçylykly, tiz we bökdençliksiz resmileşdirýäris.
7. Umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşmek
Umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşmeklik işini gurnaýarys. Eger-de Siz kärende esasda öýde ýaşamak isleýän bolsaňyz, onda biz degerli bahadan we oňat şertleri bolan öý tapmaga hem kömek ederis.
8. Migrasiýa gullugynyň hyzmatlary
Siz ýurda geleniňizden soň biz Size wagtlaýyn ýaşaýyş we bir ýyllyk hasaba alyş resminamalaryny resmileşdirýäris hem-de pasportyňyzy terjime etmeklik we ony notarial edarasy tarapyndan kepillendirmeklik işlerini ýerine ýetirýäris.
9. Synaglardan geçmeklik
Dalaşgäre rus dili boýunça giriş synagyna taýýarlanmaga we ony üstünlikli tabşyrmaga kömek edýäris. Biziň talyplarymyzyň 99%-i ol synagdan kynçylyksyz geçýärler.
10. Okuw döwründe kömek bermek
Okuw döwründe biz talybyň hasap-synag tapgyryndan doly geçmekligine, onuň ýyllyk işlerini taýýarlamaklygyna ýardam berip, onuň ýetişigini hemişe gözegçilikde saklaýarys. Hyzmatdaşlaryň arasyndaky ylalaşyklara laýyklykda uniwersitetler bize hatda talybyň okuw sapaklaryna gatnaşygy barada hem maglumat berip durýarlar. Şeýlelikde, daşary ýurtly talyp hemişe biziň gözegçiligimizdedir.
11. Günüň 24 sagadynyň dowamynda goldaw bermek
Durmuşda ýüze çykýan islendik ýagdaýlarda talyplarymyz Bize ýüz tutup, dessine degişli kömegi alyp bilerler. Biz gije-gündiziň dowamynda olaryň özleriniň boş wagtlaryny geçirmeklikden başlap, hukuk maslahatlaryna bolan zerurlyga çenli islendik meselelerini çözmäge ýardam ederis.
12. Mugallymlary saýlamak
Eger-de talyba onuň okuw döwründe käbir dersleri boýunça goşmaça kömek gerek bolsa, onda biz oňa ýokary hünärli mugallymlary tapmaklyga ýa-da ýörite taýýarlaýyş okuwlary saýlamaklyga ýardam edýäris.
Biziň hyzmatdaşlarymyz
Biz hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň baýry uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Olardan:
Uniwersitetler bilen baglanyşylan şertnamalary we sertifikatlary görmek
Her ýylda 500 sanydan gowrak daşary ýurtly dalaşgärler biziň bilen Belarusyň uniwersitetlerine okuwa girýärler
Ýokary bilime garşy bary-ýogy
3 sany aňsat ädimler bar


Daşary ýurtda Siziň aladaňyzyň ediljekdigi barada örän arkaýyn we ynamly boluň!
Siz diňe aşakdakylary ýerine ýetirmeli:
ÝOM-ni saýlamak
Biz Siziň gyzyklanmalaryňyzy, ukyplaryňyzy we häzirki wagtda has köp talap edilýän hünärleri hasaba almak bilen, Size uniwersiteti we Siziň gelejekki hünäriňizi saýlamaga kömek ederis
Goş torbalaryňyzy taýýarlamak
Siz diňe öz gerek zatlaryňyzy öz goş torbaňyza ýygnaň, galan zatlary biz öz üstümize alýarys. Ynanaýyň, diplomyň Siziň jübüňizde bolmagy biziň gözegçiligimizdedir!
Belarusda ýokary bilim almak
üçin ynamly ýol
Siziň bilen habarlaşar ýaly öz ýüzlenmäňizi goýuň
Biz Siziň maglumatlaryňyzyň üçünji bir tarapyň eline düşmezligini kepillendirýäris
Biz diňe bir daşary ýurtly dalaşgärlere Belarus Respublikasynyň uniwersitetlerine okuwa girmeklige ýardam bermek bilen çäklenmän, olara tutuş okuw döwrüniň dowamynda, tä diplomyny eline alýança kömek edýäris. Biz okuw meselelerinde-de, islendik durmuşy meselelerinde-de olara ýardam edip durýarys we şonuň üçin özümizi olaryň "ikinji ene-atalary" diýip atlandyryp hem bileris.
© 2016 ООО «АКТОРИУС» 220088, г. Минск, ул. Захарова д.50В, помещение 7М, комната 3-30\2, УНП 1 92520358
Maslahat almak
Siziň bilen habarlaşar ýaly öz ýüzlenmäňizi goýuň
Made on
Tilda